Türkiýe ÝUHU-lar Bilen Harby Doktrinasyny Özgertdi

Hepdäniň syny

1618732
Türkiýe ÝUHU-lar Bilen Harby Doktrinasyny Özgertdi

 

Dünýä metbugatynda Türkiýäniň ýaragly uçarmansyz ulag mümkinçiligi we gazanan üstünlikleri giň seslenme döredýär. Siriýada başlan Liwiýada we Garabagda dowam eden türk goranyş senagatynyň öndüren ÝUHU-laryň täze bir harby doktrinasy hökmünde netijeli ulanylmagy ençeme harby goşunlaryň ünsüni çekýän bolsa, ABŞ-Britaniýa ýaly ýurtlar ÝUHU-lara esaslanýan täze bir söweş konsepsiýasyny analiz etmäge başladylar.

SETA-nyn Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Uzak ýyllaryň dowamynda howpsyzlyk taýdan uly garşylyklara sezewar bolan Türkiýe hem terror guramalary ýaly asimmetriki howplara hem geografik ýerleşişi taýdan ýüze çykýan konwensional howplara garşy täze bir söweş doktrinasyny taýarlady. ÝUHU-lara esaslanýan şol doktrina häzirki wagtda bütin dünýäniň ünsüni çekýän bolsa, “döwrebap söweş doktrinasyny” dolulygyna özgertjek başlangyç aýratynlygyna eýe.

Türkiýe soňky 10 ýylda goranyş senagaty pudagynda ägirt uly ösüş eden bolsa, esasanda UHU we ÝUHU tehnologiýasynda dünýäniň galan böleginden has uly başlangyçlar etdi. Hem döwlet eýeçiligindäki “TAI Aselsan” ýaly firmalar, hem “Baýkar” ýaly hususy firmalar tarapyndan öndürilen “Anka” we “TB2” ýaly ÝUHU platformalary hem-de degişli enjamlar ençeme frontda we çaknyşyk zolagynda netijeli ýagdaýda ulanylmaga başlandy. Esasanda terror guramasy PKK garşy hem Türkiýede hem-de Yrak-Siriýa ýaly ýurtlarda netijeli ulanylan şol ÝUHU-lar guramanyň mobilizlenme ukybyny çäklendirip, ýokary derejeli ýolbaşçy diýilýän adamlarynyň ýok edilmegini amala aşyrdy. Terror guramasy PKK, Türkiýä garşy aksiýa gurama ukybyny esasan ýitirdi. Türkiýäniň ÝUHU-lary konwensional we ýarym konwensional güýçlere garşy Siriýada, Liwiýada we Garabagda netijeli peýdalanylan bolsa, duşman güýçlerin rtürk ÝUHU-laryna gharşy gaýtawul görkezip bilmändigi, rus goranyş ulgamlarynyň hem netijesiz bolandygy görüldi. Diňe bir soňky Garabag söweşimnde “TB2-leriň” işjeň pozisiýasy bilen ýüzlerçe ermeni tanky we sowutly ulagy, Pantsir we beýleki ýokary howa goranyş ulgamlary, müňlerçe artilleriýa güýçleri hatardan çykarylan bolsa, ermeni goşunlary agyr ýeňiliş netijesinde Garabagdan çekildi. ÝUHU-laryň duşman güýçlerini ýok edýärkä ýazga almagy hem halk köpçüligi boýunça propoganda söweşi taýdan-da üýtgewsiz üstünligi ýany bilen alyp geldi.

Ösen döwrebap goşunlar Türkiýäniň bu täze söweş doktrinasyny we ÝUHU-lar bilen hem asimmetriki güýçlere hem konwensional güýçlere garşy gazanan üstünligine düşünmäge we goşunlaryny oňa utgaşdyrmaga synanşýar. Türkiýe bolsa has öňde, “ANKA” we “TB2” ýaly ÝUHU-laryň ýokarky modelleri bolan “AKYNJY-nyň” we “AKSUNGUR-yň” önümçiligine başlady. Türkiýe ÝUHU tehnologiýasy bilen sebitinde beýgelýän güýç hökmünde özüni görkezýän bolsa, diňe bir super güýçleriň hötdesinden gelýän Siriýa-Liwiýa-Garabag ýaly möhüm söweş meýdanlarynyň ykbalyny özgerdýär.



Degişli Habarlar