MHG-nyň Serhetaşa Operasiýalary

Hepdäniň syny

1609696
MHG-nyň Serhetaşa Operasiýalary

Milli howpsyzlyk guramasy (MHG) soňky ýyllarda uly göwrümli operasiýalary amala aşyrmaga başlady. Esasanda Yrakda we Siriýada PKK terrorçylaryna garşy geçiren kesgitli operasiýalary aýratyn ünsi çekýär. Şol çäkde PKK/KJK-niň Siriýadaky bölümi PÝG/ÝPG-niň ýokary derejeli harby serkerdesi diýilýän, “Şeýh Guýi” kodly terrorçy Ibrahim Babaty birnäçe wagt ozal Siriýada ele salyp, Türkiýä getirmegi MHG-nyň şertleriniň we ukybynyň ýeten derejesini görkezmegi taýdan hem iňňän möhüm.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe agyr şertlere eýe bolan sebitde geosyýasy çuňlugy we alyp barýan strategiýasy taýdan uly gapma-garşylyklara sezewar bolýar. Şeýlelikde hem Türkiýäniň içinde hem-de ýakyn goňşy ýurtlarda Türkiýäniň milli bähbitlerini goramagy üçin ähli mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaly bolýar. Ýumşak güýç serişdeleri, diplomati we harby ýüzöwürdijiligiň ýany bilen howpsyzlyk guramalary hem aýratyn uly ähmiýete eýe. Şol çäkde Türkiýäniň Milli howpsyzlygy guramasynyň Türkiýäniň strategiýalary we oňa garşy durmalar bilen göreşjek ukyba eýe bolandygyny görýäris.

Esasanda 15-nji iýul agdarlyşyk synanşygynyň yz ýanyndan täze howpsyzlyk doktrinasyna laýyklykda MHG-nyň ukyby ýokarlandyrylan bolsa, guramanyň şertleri we mümkinçilikleri hem gowulandy. Hem hünämenleri hem-de tehniki münkinçilikleri güýçlenen MHG, Türkiýede we esasan-da Yrakda hem Siriýada uly göwrümli operasiýalary amala aşyrmaga başlady.

Türkiýäniň Yrakda we Siriýada geçiren “Ýefrat galkany”, “Zeýtun şahajygy” “Berkararlyk operasiýasy” ýaly uly serhetaşa operasiýalarda uly jogäpkärçilik eýelän MHG, şol bir wagtda-da terror guramasy PKK-nyň ýokary derejeli diýilýän adamlaryny kesgitlemek hem-de olary täsirsiz ýagdaýa getirmek üçin uly işler etdi.

Soňky gezek MHG-nyň degişli bölümleriniň Türkiýe serhedinden 50 kilometr alysda Siriýanyň Rakka etrabynda terror guramasy PKK/KJK-nyň Siriýadaky bölümi PÝG/ÝPG-niň harby dwiziýasynyň serkerdesi diýilýän “Şeýh Guýi” kodly terrorçy Ibrahim Babady ele salyp, Türkiýä getirmegi terrorizme garşy göreş taýdan uly üstünlik boldy. Ele salynan terrorçydan alynan maglumatlar bilen eneçeme PKK öýjügi derbi dagyn edildi we gurama agyr zarba uruldy. Terror guramasynyň netijeli strategiýasyna laýyklykda ýolbaşçy kadrlary diýilýänleriň we ýaragly topar ýolbaşçylarynyň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi, guramanyň gözegçilik-dolandyryş gurluşyny dargadan bolsa, aksiýa gurama ukybyny hem ejizletdi.

Netijede Türkiýe harby maýa goýumlary bilen sebitinde ýüzöwürdiji güýç hökmünde beýgelýän bolsa, MHG hem onuň netijelerinden birine öwrüldi.



Degişli Habarlar