10-njy ýylynda Siriýa meselesi

Hepdäniň syny

1605173
10-njy ýylynda Siriýa meselesi

 

SETA-nyň Howpsyzlyk meseleleri bölüminiň müdiri Prof. Dr.Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Siriýada 10 ýyldan bäri dowam edýän içerki uruş henizem dowam edýär. ýüzlerçe müň siriýalynyň ýogalmagyna, 7 milliondan gowragynyň ýurtdan çykmaga mejbur bolan tragediýasy bütin dünýäniň gözüniň öňünde henizem dowam edýär. 2011-nji ýylyň martynda başlan protestlere halkyny jezalandyryjy çäreler bilen jogap beren Siriýanyň hökümeti henizem iş başynda. BMG-nin başda durmagynda halkara guramalary, ABŞ we ÝB ýaly güýçleriň hiç haýsysy sözüň doly manysynda çözgüt tapmadylar. Russiýa we Eýran ýaly ýurtlar bolsa meseläniň hasam çuňlaşmagyna sebäp boldular. Siriýalylar üçin elinden geleni artygy bilen edýän ýurt bolsa şübhesiz Türkiýe. Prezident Erdogan “demokratiýanyň, azatlygyň we adam hukuklarynyň ýaňadandan ýoň bolan” günlerinde günbatary Türkiýäniň Siriýada içerki urşy bes etmek ugrundaky tagallasyna goldawa çagyrýan makala ýazdy. Türkiýäniň millionlarça bosguny kabul edendigini, terror guramasy DAIŞ-in başda durmagynda terror toparlaryna garşy söweşiji güýçlerini ulanan ilkinji ýurt we terrordan saplanan ýerlerde ýerli güýçler bilen bilelikde howpsyzlyk zolaklaryň döredilendigini ýatlatdy.

Resmi Waşington bolsa geçen 10 ýylda haýsydyr bir çözgüt tapmady. Soňky döwürde bolsa Siriýa meselesi boýunça täze syýasat kesgitlemegiň ugruna çykandygy görülýär. Demokrat Baýden üçin Siriýa “demokratiýa we adam hukuklary” diskursunyň synagdan geçiriljek giňişligi hökmünde öňe saýlanýar. Eroganyň täze hökümete ýüzlenmesi aç-açan: “Baýdeniň häkimiýeti kampaniýa mahalynda beren sözünde durup, Siriýadaky tragediýany bes etmek we demokratiýany goramak üçin biziň bilen işleşmeli.” Baýdeniň ýolbaşçylyk edýän hökümeti ynsanperwer kömek meselesi bilen kem-käs gyzyklanyp we terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi ÝPG-ä berýän goldawyny hasam artdyryp, Siriýa dosýesini başdan sowmaga synanşan halatynda, Obamanyň ýalňyşlyklaryny gaýtalar diýmekdir.

Prezident Erdoganyn çagyryşy diňe ABŞ bilen çäkli däl. Makalanyň ÝB-niň Liderler sammitiniň öň ýanynda çap edilmegi şol jähtden möhüm. ÝB-niň Siriýa meselesine sözüň doly manysyna nähili çemeleşjekdigi näbelli bolmagynda galýar. Türkiýäniň gumanitar başlangyçlara esaslanýan Siriýa syýasaty bolmadyk bolsady, häzirki wagtda ÝB-niň paýtagtlarynyň tas ählisinde aşa sagçy partiýalar höküm sürerdi.

Günbatarly liderler Siriýanyň demirgazygyndaky howpsyz zolaklara ÝPG-niň guran hüjümlerine-de, atylan rus raketalaryna hem garşy durmadylar. ÝPG howpsyz zolaklara jemi 224 hüjüm gurady. Şolardan 64 sanysy bombaly ulag hüjümi, 64 sanysy EÝP hüjümi, 51 sansy ýaragly hüjüm, 19 sanysy snarýadly hüjüm we 9 sanysy raketaly hüjüm.

Resmi Ankaranyň gözegçiligindäki howpsyz zolaklarda we Idlibde 4-5 million siriýaly ýaşaýar. Türkiýedäki 4 million bosguny hem goşanymyzda Siriýanyň ilatynyň ýarysy Türkiýäniň howpsyzlyk we hemaýat saýawanynyň aşagynda. Bu hakykatyň özem ABŞ-nyň we ÝB-niň howpsyz zolaklaryň dikeldilmegine goldaw bermelidigini görkezýär. Siriýa meselesinde resmi Ankaranyň has güýçli pozisiýa eýelemegi günbataryň bähbidine. Haçanam bolsa ortadan aýryljak ÝPG bilen Siriýadaky bähbitlerini goramaklary mümkin däl.

10-njy ýyly dolup barýarka Siriýa meselesiniň çözgüdi üçin henizem kesgitli maksatnama düzülip bilinmedi. 21-nji asyryň iň agyr tragediýasy bolan Siriýa meselesi çözülmän, sebitde durnuklylygy ýola goýmak mümkin bolmaz.


Etiketkalar: #howpsyzlyk , #ABŞ , #Siriýa

Degişli Habarlar