Türk-Amerikan Gatnaşyklarynyň Çykgynsyzlyklary

Hepdäniň syny

1587775
Türk-Amerikan Gatnaşyklarynyň Çykgynsyzlyklary

SETA-nyn Howpsyzlyk boýunça ylmy-barlagçy müdiri ýazyjy Prof.Dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türk-Amerikan gatnaşyklarynyň öňümizdäki döwürde dört sany möhüm çykgynsyzlygy bar. Şolar çözülmän Türkiýe bilen ABŞ-nyn arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy mümkin görünmeýär. Şol çykgynsyzlyklaryň başynda S-400 meselesi durýar. S-400 meselesi Türk-Amerikan gatnaşyklaryny suratlandyrýan iň ýerlikli mysallardan biri. Strategik gatnaşyk hökmünde häsýetlendirilýän A we B döwletleriniň arasyndaky gatnaşygynda şeýle mesele ýüze çykmaly däldi. Şol jähtden ne ABŞ Türkiýäniň Patriot ulgamlary boýunça islegini jogapsyz we netijesiz goýup bilerdi ne-de Türkiýe NATO ýarany hökmünde iň esasy howpsyzlyk we goranyş bäsdeşinden şeýle aluw edip bilerdi. Eger şeýle bolsa, ilkinji gelinjek netije Türk-Amerikan gatnaşyklarynyň “strategik hyzmatdaşlyk” hökmünde häsýetlendirilip bilinmejekdigi dogursynda bolmaly. Bar bolan düşnüşmezligiň üstesinden gelmek üçin iki tarap biri-biriniň ýa pozisiýasyny özgertmegi ýa-da iki taraply häsýetde pozisiýalaryna zyýan ýetirmejek çykalga tapmaly bolar.

Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň “Kryt modeli” ine şu nokatda çözgüt hökmünde ýada düşýär. Emma şol çözgüt modeliniň nähili iş ýüzüne geçiriljekdigi düşnükli däl ýaly görünýär. Üstesine Türkiýäniň S-400-in ikinji böleginiň alynmagy üçin “gepleşikleriň dowam edýändigini” beýan eden tapgyrynda “Kryt modelini” iş ýüzüne geçirmek kyn boljaga meňzeýär. Eýsem ABŞ-nyň S-400 boýunça çözgüdi bir alternatiwe düşürip, geňeşmeler geçirmäge synanşmagy meseläni çözülmegine goşant goşarmyka? Bu soragyň jogabynyň oňyn bolmagy mümkin görünmeýär. Eýsem S-400 ulgamyny Türkiýäniň daşyna çykarma ýolunyň resmi Ankara tarapyndan gepleşik mowzugy hökmünde görülmeýändigi mese-mälim. Eger şeýle bolsa S-400-iň iki tarap üçin hem çykgynsyzlyk döredendigi, ony çözmän gatnaşyklary kadalaşdyrmagyň mümkin bolmandygy düşnükli bolsa gerek.

Terror guramsy ÝPG meselesi bolsa Türk-Amerikan gatnaşyklaryndaky näbelliligi has-da güýçlendirýän çykgynsyzlyk hökmünde ýüze çykdy. ÝPG-nin soňky döwürde Siriýanyň demirgazyna günsaýyn artýan hüjümleri, Amerikan hökümetiniň we guramalarynyň ÝPG-ä bolan garaýyşy göz öňüne tutulanda Türk-Amerikan gatnaşyklarynda S-400-iň sebäp bolan düşnüşmezligini hasam çuňlaşdyryşy ýaly, Türkiýäni täze bir harby başlangyja mejbur edip biler. Şol jähtden ÝPG meselesi diňe bir taktiki göçüm hökmünde ABŞ-nyň Siriýada Türkiýeden tapawutly pozisiýa eýelemeginiň sebäbi däl, eýsem özara gatnaşyklaryň ähli taraplaryny kesgitleýän çykgynsyzlyga öwrüldi. S-400 meselesinde bolşy ýaly taraplardan biri pozisiýasyndan el çekmeli bolar. Ýa Waşington ÝPG-nä güýçlendirip, Sirianyň territorial bitewiligini bozýan awtanom dolanşyk gurmakdan el çekip, Ankaranyň pozisiýasyna ýakyn durar, ýa-da Türkiýe ÝPG boýunça pozisiýasyny özgerdip, ABŞ-nyn ÝPG-ni “özgertme” syýasatyny tassyklamaly. Bar bolan şertlerde iki taýtagtyň hem pozisiýalaryny gorap saklamagy saýlap alandyklary göz öňünde tutulanda ýakyn gelejekde ÝPG meselisini ortadan aýyryp, bu çykgynsyzlygyň çözülmegi hem mümkin görünmeýär.

S-400 we terror guramasy ÝPG meselesine goşmaça, heniz çuňlaşmadyk hem bolsa Gündogar Ortaýer deňizi meselesi hem Türk-Amerikan gatnaşyklaryna täsirini ýetirjek häsýete eýe. Gündogar Ortaýer deňizi meselesiniň Türkiýe taýdan özbolyşlygyny kesgitleýän “Mawy Watan” garaýyşy Türkiýäniň harby, syýasy we ykdysady pozisiýasyny şekillendirýän bolsa, ABŞ üçin bu pozisiýa “gözegçilik astyna alynmaly” sebitleýin geosyýasy mesele hökmünde seljerilýär. Bu taýda ABŞ-nyň Gündogar Ortaýer deňizinde Gresiýanyň harby güýüjiniň kuwwatlandyrylmagy ugrundaky göçümi we Türkiýäniň hereket giňişligini çäklendiriji garşy syýasatlary özara gatnaşyklarda başga çykgynsyzlyk sferasynyň emele gelmegine sebäp bolýar. Çykgynsyzlygyň ortadan aýrylmagy üçin Türkiýäniň sebitdäki geosyýasy pozisiýasynyň çägini daraltmagyna we harby işjeňligini peseltmegine garaşylýan bolsa, resmi Ankaranyň Mawy Watan çarçuwasynda şekillendiren birinji derejeli bähbitlerini geňeşmelere açyp, ylalaşmagy hem mümkin görünmeýär. Şeýlelikde Gündogar Ortaýer deňizi sebäpli başdan geçirilýän we geçirilmegi ähtimal wakalar özara gatnaşyklarda täze bir dartgynlygy sferasynyň emele gelmegine sebäp bolup biler.

Belläp geçişimiz ýaly dartgynly ugurlara terror guramasy FETÖ meselesini, dowam edýän embargony we golaýlap gelýän kazyýet işlerini hem goşanymyzda gatnaşyklaryň bütewi garşydurma sezewardygyny aýtmak ýerlikli bolsa gerek. Şol bütewiligiň hereketlendirijisi hökmünde iş alyp barýan Kongress, çykgynsyzlygy gysga möhletde çözüljek mesele bolmakdan iň alysda durýana meňzeýär. Soňky gezek 54 senator tarapyndan ýazylan hatyň Türk-Amerikan gatnaşyklaryny kadalaşdyrma däl, eýsem jezalandyrma diskursyna we diline sezewar bolandygyny hem-de Prezident Erdogany nyşana alýandygy göz öňüne tutulanda, gatnaşyklara päsgel berýän Kongress çykgynsyzlygynyň hem bardygyny aýtmak mümkin. Amerikan hökümetiniň “Daşary syýasaty guramalar bilen bilelikde alyp bararys” çemeleşmesi hem onuň üstüne goşulanda Kongressiň daşary syýasata ýetirýän täsiriniň güýçli bolmagy ýa-da döwlet Sekretary Blinkeniň Kongressiň goldawyny almak üçin Türkiýe ýaly dosýelerde garaşylýanyndan tapawutly pozisiýa eýelemegi hem ähtimal.

Türkiýe dosýesinde Kongressiň daşary syýastyň rasionallygyndan garamagyň ýerine Amerikan daşary syýasatyndaky eko-ulgamdan garamagy hem Türkiýäniň işini hasam çykgynsyzlaşdyrýar we Türk-Amerikan gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny Kongressiň kölegesine taşlaýar.



Degişli Habarlar