Amerika Yza Dolanýarmy?

Hepdäniň syny

1570018
Amerika Yza Dolanýarmy?

 

20-nji ýanwarda Jo Baýden ABŞ-nyň 46-njy Prezidenti hökmünde wezipesine başlady. Baýden soňky 70 ýylyň iň köp sesi bilen prezidentlige saýlanan demokrat dalaşgär hökmünde-de taryha geçdi.

SETA-nyň Howpsyzlyk barlaglary bölüminiň Direktory Prof.Dr.Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Noýabr aýyndan ýanwar aýyna çenli geçen möhlet bilşiňiz ýaly dartgynly boldy. Trampyň wezipäni parahatçylykly şertlerde tabşyrmajakdygy hakynda çaklamalar bardy, emma wakalarda ýetilen sepgidi hiç kim öňünden bilip bilmezdi. 6-njy ýanwarda Amerikan taryhynda görülip eşidilmedik waka başdan geçirildi we Trampyň tarapdarlary kongresiň binasyna hüjüm gurady. Pajygaly hüjümde 5 adam ýogaldy, ABŞ-nyň dünýä boýunça ýaramazlaşan abraýy hasam pese gaçdy. Pajygaly hüjümden soň Trampyň ikinji gezek wezipeden çetleşdirilmegi üçin sese goýulşyk geçirildi. ABŞ-nyň paýtagty Waşington, Yragyň paýtagty Bagdatda görmäge öwrenişen wakalarymyzy başdan geçirdi. 25000-den gowrak Amerikan esgeri paýtagtyň köçelerinde barrikada gurdular, Kongresiň jaýynyň içine ornaşdylar. Bular başdan geçirilýärkä ABŞ-da korona pandemiýasy sebäpli aradan çykanlaryň sany bir günde 4 müňden geçdi. Baýdeniň harabalyk kabul edip alandygyny aýtmak ýalňyş bolmasa gerek!

Eýsem Baýden nähili Amerika gurmak isleýärkä? Bu soraga Baýdeniň we egindeşleriniň jogaby çürt-kesik görünýär. Baýden “Amerikanyň yza dolanandygyny” beýan etdi. Bu beýannama ençeme adam tarapyndan Baýdeniň umuman içeri we daşary syýasat düşünjesini görkezýän çarçuwa hökmünde düşünildi. Eýsem Amerikanyň yza dolanmagy näme many aňladýar? Baýdeniň daşary syýasat çarçuwasynyň umumy çäklerini kesgitleýän çemeleşmäniň birinji sütünini Amerikan liderliginiň ýaňadandan dikeldilmegi emele getirýär. Döwlet Sekretary Blinken ABŞ-nyn global ulgama liderlik etmese, emele getiren boşlugynyň awtoritar güýçler tarapyndan doldurylandygyny we onuň hem halkara ulgamynda durnuksyzlyga sebäp bolandygyny öňe sürýär. Baýden daşary syýasatda ilkinji nobatda Amerikanyň liderligini yzyna almak üçin işlemäge mejburdygyny bilýär. Şol liderligiň iki sany bölegi bar. Biri; ABŞ-nyň peselen abraýyny dikeltmek, beýlekisi bolsa Hytaýyň we Russiýanyň öňünde güýçli lider pozisiýasyny gaýtadan ele almak.

Baýdenin ikinji esasy işi bolsa halkara guramalarynyň ähmiýetini gaýtadan artdyrmak. ABŞ, Trampyň döwründe BMG, NATO, BSGG ýaly esasy halkara guramalary bilen uly düşnüşezlikleri başdan geçirdi. Baýdeniň daşary syýasatdaky ileri tutýan ugurlaryndan biri halkara guramalarynyň ýaňadandan güýçlendirilip, Amerilan liderliginiň şol guramalar arkaly ýaňadandan ýola goýulmagyna esaslanýar. Şol çäkde köptaraplylygyň Baýden döwrüde Amerikan daşary syýasatynda esasy orun eýelejekdigini aýdyp bileris.

Baýdeniň üçünji esasy işi bolsa, global ykdysadyýetde Amerikan liderligini gaýtadan dikeltjek täze düzgünnamalary çykarmak. Bu taýda Tramp döwründe ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda söweşleri ýa-da düşýär. Baýdeniň Hytaýy bäsdeş kabul edýändigi mälim, emma Hytaýy Tramp ýa-da respublikaçylar ýaly görmeýär. Milli howpsyzlyk boýunça geňeşçisi Sýulliwan “Hytaý bilen bilelikde ýaşaşmak” formulasynyň daşary syýasatyň özenini emele getirýändigini aýtmagy Baýdenin Hytaý bilen dawalaşmagyň ýerine, onuň bilen ylalaşyp, Hytaýy özgertme üçin syýasat alyp barjkdygyny görkezýär. Emma Baýdeniň ykdysadyýet bilen bagly meselesi diňe bir Hytaý bilen däl. Korona pandemiýasy sebäpli emele gelen ykdysady şertler Baýdeniň ykdysady syýasatyny artykmajy bilen güýmejege meňzeýär.

Baýdeniň dördünji işi bolsa halkara hukuga we kadalara esaslanýan liberal ulgamy gaýtadan gurmak. Şol çäkde halkara normalar gaýtadan dikeldilip, Amerikanyň liderliginiň abraýyny beýgeltmek üçin syýasat alyp barmagy ähtimal. Şol maksat ABŞ-nyň global ulgamy dolandyrýan global kadalary ýaňadandan özgertmegini talap edýär. Onuň üçin bolsa ABŞ-na artykmajy bilen hyzmatdaş gerek bolar.

Şol dört sütün ABŞ-nyň halkara ulgama dolanyp gelmegini ýola goýup bilermi diýlen sorag möhüm. Baýdeniň Trampdan alan harabalygy we dünýä syýasatynyň özgeren häsýeti onuň iş ýüzüne geçmeginiň iňňän kyndygyny görkezýär.

 



Degişli Habarlar