Russiýanyň Liwiýa Syýasaty

Hepdäniň syny

1565161
Russiýanyň Liwiýa Syýasaty

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň Russiýanyň Liwiýa syýasaty hakyndaky synyny dykgatyňyza ýetirmek isleýäris.

Liwiýa Demirgazyk Afrika, Gündogar Ortaýer deňizi we Günorta Ýewropa taýdan geosyýasy ýerleşişi taýdan esasy ýurtlardan biri bolmagyň ýany bilen energiýa çeşmeleri taýdan hem baý ýurt. Şol çäkde ýurtda dowam edýän häkimiýet göreşinde sebitleýin hem-de global güýçler Liwiýanyň geljegini kesgitlemek üçin bäsleşýärler. Şol ýurtlaryň başynda bolsa Russiýa durýar.

Liwiýa 2011-nji ýylda Kaddafiniň häkimiýet başyndan agdarylmagyndan ozal sosialist ýurt bolandygyna garamazdan resmi Moskwadan garaşsyz syýasat alyp barýardy. Muňa garamazdan Liwiýa bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar çuň harby we ykdysady özbolyşlyga eýedi. Emma Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň şol hyzmatdaşlyk Moskwanyň Liwiýa goýulan halkara sanksiýalara syýasy goldawy bilen birlikde bes edildi. Emma Putin bilen güýçlenmäge başlan Russiýa dünýäniň syýasy sahnasyna dolanyp gelen bolsa, Libiýa bilen bolan gatnaşyklaryny hem ýaňadandan dikeltdi. Möhüm ýarag we energiýa şertnamalary baglaşyp, Liwiýadaky pozisiýasyny güýçlendirmäge başlady. Ol hem Arap baharynyň täsiri bilen ýurtda başlan ynkylaba we daşarky operasiýalara çenli dowam etdi. NATO-nyň öňbaşçylygyndaky operasiýa Kaddafini häkimiýet başyndan agdaran bolsa, Russiýa Liwiýadaky oýunyň daşynda galdy.

Russiýa Liwiýada dowam edýän içerki çaknyşyklara uzak ýyllar synçy bolup galan bolsa, ýurtda emele gelen güýç boşlugyndan peýdalanyp, 2017-nji ýylda işjeňleşmäge başlady. Pitneçi general Haftar bilen ýakynlaşyp, Wagner ýaly hakynatutma güýçlerini Liwiýa getirdi we ýurduň gündogaryna ornaşdyrdy. Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlar bilen harby hyzmatdaşlygy ösdürmegi saýlap aldy.

Russiýanyň Liwiýa syýasaty resmi taýdan Milli ylalaşyk hökümeti bilen Liwiýanyň milli goşunyny gepleşik stoluna getirmegi maksat edinýär. “Bitarap emin” pozisiýasyny eýelemäge synanşýan resmi Moskwa özüni çykgynsyzlyga syýasy çözgüt tapmagyň tarapdary hökmünde görkezýär. Moskwanyň Haftaryň goşunyna diňe bir syýasy däl, eýsem harby goldaw berýändigi hem bilinýär. Rus ýaraglary Liwiýanyň milli goşunlarynyň elinde görülýär we hakynatutma esgerler çaknyşyklara gatnaşýar. Emma Kreml hem hakynatutma esgerleriň bardygyny hem-de ýarag satuwyny kabul etmeýär.

Soňky ýyllarda Moskwa Liwiýa syýasatynda hakynatutma esgerler we Aragatnaşyk topary ýaly “adaty bolmadyk usullary” iş ýüzüne geçirmäge meýillidigini görkezýär. Şol çäkde Russiýanyn Liwiýadaky daşary syýasatynyň ugruny Russiýanyň Ýakyn Gündogardaky wekili pozisiýasyny eýeleýän Ramzan Kadyrow, geňeşdarlary Adam Delimhanow we Lew Dengow bilen bilelikde 2015-nji ýylda döredilen Liwiýa Rus Aragatnaşyk topary kesgitleýär.

Netijede Russiýa Liwiýada emele gelen güýç boşlugyndan peýdalanyp, söweş meýdanynda pozisiýasyny güýçlendirdi. Haftary harby taýdan goldamaga başlady. Seýfulyslam Kaddafi maşgalasy bilen gatnaşyklary ösdürdi. BAE we Müsür ýaly ýurtlar bilen harby gatnaşyk açyp, Wagneri Liwiýa ornaşdyrdy we esasanda gündogarda pozisiýasyny güýçlendirdi. Bar bolan konýenkturada ilki bilen pozisiýasyny goramak isleýär. Russiýanyň Liwiýadaky maksatlaryndan biri hem “Rosneft”, “Tatneft” we “Gazprom” ýaly rus energiýa firmalaryna iş şertini döretjek amatly syýasy atmosfera emele getirip, Ortaýer deňizindäki energiýa bazarynda güýçli taraplarda birine öwrülmek isleýär. Mundan başgada Moskwanyň Liwiýanyň içerki häkimiýet göreşine goşulmagy ýurtdaky pozisiýasyny üýtgewsizleşdirjek dürli syýasy bähbitleri gazanmak islegi bilen özüni görkezýär. Resmi Moskwa Afrika materigindäki esasanda Gündogar Ortaýer deňizi sebitindäki poziýasyny giňeltmegi maksat edinýär. Şeýlelikde “sebitdäki” iň uzyn Ortaýer deňizi kenaryna eýe bolan energiýa baýlygyna eýe Liwiýa, rus daşary syýasatynyň gün tertibinde orun eýeledi. Ykdysady taýdan eýe bolan ähmiýetine garamazdan Liwiýa çaknyşygynyň çözülmegi Moskwa üçin esasy mesele däldir. Muňa garamazdan Russiýa Liwiýa meselesine goşulyp, beýleki sebitleýin güýçlere güýjüni görkezmek isleýär.



Degişli Habarlar