Geosyýasy Alada

Hepdäniň syny

1560667
Geosyýasy Alada

Koronawirus epidemiýasy bolmadyk bolsady, 2020-nji ýylda esasy diskussiýa ediljek geosyýasy meseleler; ABŞ-nyň Owganystanda 19 ýyl soň Taliban bilen stoluň başyna oturmağy we Britaniýanyň ÝB-den aýrylmagy bolup bilerdi. Bu iki waka haýsy tarapdan seredilende-de iňňän möhüm meselelerdi. Emma korona pandemiýasy 2020-nji ýylyň dowamynda halkara syýasata çuňňur täsir ýetiren netijeleri ýüze çykaryp, geçen ýylyň ähli döwürleriň iň agyr ýyly diýip yglan edilmegine sebäp boldy.

SETA-nyň Howpsyzlyk barlaglary Direktory ýazyjy Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Epidemiýanyň şeýle möhüm bolmagy global ulgamy çuňňur täsir ýetirjek ençeme wakany ýüze çykarmagydyr. Epidemiýanyň birinji tapgyrynda koronawirusyň global syýasata çuňňur täsir ýetirjekdigi hakyndaky diskurs höküm sürdi. Soň bolsa şol diskurs seýrekleşmäge başlady. Ýetilen sepgitde özgerliş diskursy ýerini global alada berdi. Şol aladanyň tapawutlanýan üç tarapy bar: Howp, näbellilik we geljege bolan düşnüşniksizlik.

Bu täze global aladanyň üç özbolyşlygy “geosyýasy alada” dilýän täze şertiň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Alada, umumy biynjalyklygy aňladýar. Ol, howpyň, näbelliligiň we düşnüksizligiň sebäp bolan biynjalylyklygy. Bu şerti ýüze çykaran ilkinji biynjalyklygyň görnüşi bolsa global ulgamyň geljegi bilen bagly bolany. Global ulgamyň geljegi bilen bagly bolan iň esasy alada günbatarda güýçlenýär. Günbataryň strategik güýjiniň ortadan aýryljakdygy, emma ýerine geçjek strategik güýjüň näbelli bolmagy günbatardaky biynjalyklygy hasam çuňlaşdyrýar.

Koronawirusdan ozalky döwürde hem günbataryň öz içinde hem-de global derejede “Günbatarsyzlyk” hökmünde häsýetlendirilen şol alada, korona bilen bilelikde hasam çuňlaşana meňzeýär. Günbataryň strategik güýjini yzyna alma işlegi görnüşinde ýüze çykan “Amerika yza dolanýar” çemeleşmesi ilen Ýewropanyň “strategik awtanomiýa” gözlegi sözüň doly manysynda şeýle aladadan halas bolma gözlegine deň gelýär.

Global ulgamyň geljegi bilen bagly aladany çuňlaşdyran beýleki bir husus bolsa günbatardan soňky ulgamy dizaýn etjek iň güýçli dalaşgär hökmünde kabul edilýän Hytaý ýaly güýçleriň material güýç faktorlaryndan başga global gelejek hödürlemeýänligi. Global howa çalşygyndan beýleki global meselelere Hytaýyň “çemeleşmeleri” hakynda uly şübheler bar. Günbatardan soňky dünýä üçin taýarlyk görmek boýunça has egilşikli bolan orta we ýokary güýç kategoriýasynda ornaşan aktýorlaryň status-kwony ortadan aýyran başlangyçlary hem günbatar bilen bagly geosyýasy aladany hasam çuňlaşdyrdy.

Şol geosyýasy aladany çuňlaşdyran beýleki bir husus bolsa howpyň köpgörnüşli häsýete eýe bolmagy. Korona epidemiýasynyň hem ýüze çkykaryşy ýaly global saglyga abanýan howp, terroryň ýüze çykaran howpyndan has uly. Terror global global fenomen, emma ýüze çykmagy  ähtimal global epidemiýanyň sebäp bolan tektoniki hereketlenme güýjüne eýe däl.

Şol näbellilik howpyň satyn alynma nyrhyny artyrýan bolsa, ähli ulgamyň seljerilmegine hem sebäp bolýar. Çägi belli bolmadyk howp geoýasy aladanyň global häýete eýe bolmagyna sebäp bolýar. Dowam edýän harby çaknyşyklar, döwletleriň arasyndaky dartgynlyklar geosyýasy aladanyň öňüniň alynmagyny kynlaşdyrýan bolsa, döwletleri özbaşdak syýasat alyp barmaga gönükdirýär. Şeýlelikde koronadan soňky dünýäni teswir edýä esasy häsýetlendirme gyosyýasy alada hökmünde öňe saýlanýar.



Degişli Habarlar