Hakan Fidan Erdogan-Asad Duşuşygy Boýunça Işleýändigini Aýtdy
Daşary işler ministri Hakan Fidan Prezident R.T.Erdogan bilen Siriýanyň döwlet Ýolbaşçysy Başar Asadyň duşulygy hakynda beýannama berdi.
Hakan Fidan “Sku News Arabia” teleýaýlymynda aktual meseleler we daşary syýasat boýunça beýannama berdi.
Fidan: “Sebitdäki doganlyk we dostlukly ýurtlar bilen gatnaşylarymyzy kadalaşdyryşymyz ýaly Siriýa bilen hem belli ugurlarda başlangyçlar etmek isleýäris. Prezidentimiz bu meselede iň ýokary derejede onsuz hem yglan etdi. O näme? Biz aramyzdaki bar bolan düşnüşmezlikleri çözmek üçin dialogy ähli derejede, Prezident derejesi bilen bilelikde ýola goýmaga taýýar diýdi” diýdi.
“Biz güýçli ýurt, çäresizlik sebäpli gepleşik gözleginde däl, kämilligimiz sebäpli gepleşik isleýäris. Ýagny güýjümizi däl, diplomatik kuwwatymyzdan we sebitiň parahatçylyga bolan zerurlygyndan peýdalanmak isleýäris” diýen Fidan, Prezident Erdogan bilen Başar Asadyň duşuşygynyň ähtimallyga degişliligi hakynda bolsa; “Prezidentimiz şeýle teklibi hödürledi, ýagny biz hem bu mesele boýunça işleýaris. Häzirlikçe anyk bir zat aýtmak üçin ir, emma men işleýärin” diýdi.
Degişli Habarlar
Türkiye Pakistanda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Türkiye Pakistanyň Haýber Pahtunhwa welaýatynda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Ýene-de 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
“Eziz watanymyz üçin terrora we terrorçylara garşy egilşiksiz göreşimizi dowam etdirýäris”