Peruda awtobus heläkçiligi başdan geçirildi

Günorta Amerika materiginde ýerleşýän Peruda ýolagçy awtobuslarynyň biriniň gaýalykdan aşak gaçmagy netijesinde 29 adam ýogaldy

2164284
Peruda awtobus heläkçiligi başdan geçirildi

Milli Polisiýa gullugyndan ýerli metbugata berilen beýanatda, Kangallo şäherinden Aýakuço sebitine barýan ýolagçy awtobusynyň 200 metr belentlikdäki gaýalykdan aşak gaçandygy mälim edildi. 

Wakada 29 adamyň ýogalandygy bellenen beýanatda, 13 adamyň bolsa hassahanada bejergi astyna alynandygy aýan edildi. 

Perunyň Transport we aragatnaşyk ministri Raul Peres Reýes waka bilen bagly derňew işiniň başladylandygyny habar berdi. 


Etiketkalar: #heläkçilik , #awtobus , #Peru

Degişli Habarlar