“ABŞ-nyň Sanksiýalary Bes Etmekden Başga Alternatiwi Ýok”
Ruhani, amerikaly ýolbaşçylaryň Eýrana garşy alyp baran basyş syýasatlarynyň netijesizdigini kabul edendigini nygtady
1645085
Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ABŞ-nyň ýadro ylalaşygna bap gelmeýän ähli sanksiýalaryny bes etmekden başga alternatiwiniň ýokdygyny aýtdy.
Paýtagt Tähranda Mejlisiň başyhy Bakyr Kalibaf we Kazyýet ulgamynyň ýolbaşçysy İbrahim Reisi bilen duşuşan Prezident Ruhani, amerikaly ýolbaşçylaryň Eýrana garşy alyp baran basyş syýasatlarynyň netijesizdigini kabul edendigini nygtady.
Ruhani “ABŞ-nyň sanksiýalaryň netijesizdigini boýun almagy ýurdumyz üçin täze ýeňişdir. Ýadro ylalaşygyny basgylan ABŞ-nyň şu günki günde ähli sanksiýalary bes etmekden başga alternatiwi ýok” diýdi.