Müsürde Sues kanalynda saýa batan gämi halas edildi
Sosial medianyň käbir ulanyjylary bolsa, gijeki suwlaryň ýokarlamagynyň gäminiň hereket etdirilmegini ýeňilleşdirendigini habar berdiler

Müsürde Sues kanaly edarasynyň başlygy Usame Rabi, kanalda saýa batan "The Ever Given" atly gäminiň ýüzdürilmegi bilen bagly işleriniň çäginde gäminiň arka tarapynyň hereket etdirilmäge başlanandygyny we ugrunyň 80 göterim düzelendigini habar berdi.
Usame Rabi beren ýazmaça beýanatynda, gäminiň ýüzdürilmegi üçin çekimçi gämiler bilen edilen işleriň oňyn netije berendigini we gäminiň üstünlikli ýagdaýda ýüzdürilmäge başlanandygyny mälim etdi.
Gäminiň arka tarapynyň kenara uzaklygynyň 4 metrden 102 metre ýetendigini we ugrunyň 80 göterim düzelendigini aýdan Rabi, halkara jemgyýetede gäminiň ýüzdürilmegi bilen bagly işlerden soň, Sues kanalynyň ýaňadandan açyljakdygy barada ýüzlenme berdi.
Sosial medianyň käbir ulanyjylary bolsa, gijeki suwlaryň ýokarlamagynyň gäminiň hereket etdirilmegini ýeňilleşdirendigini habar berdiler.
Müsüriň Prezidentiniň geňeşçisi Ihab Memiş şu gün irden beren beýanatynda, Sues kanalynda saýa batan gäminiň ýüzdürilmegi bilen bagly geçirilen işleriň oňyn netije berendigini, gäminiň ýalpaklyga çykan ýerinden halas edilendigini we ýuwaş-ýuwaş ýüzdürilmäge başlanandygyny aýan edipdi.
Degişli Habarlar

Russiýa Benzin Eksportyny Çäklendirmäge Dowam Edýär
Benzin eksporty üçin goýlan çäklendirmeleriň möhledi 31-nji awgusta çenli uzadyldy

Makron Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Makron bilen Zelenskiý Ukrainada yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy barada pikir alyşdy.